Himiýa, Kimýä[1] (arap.کيمياء "gara" sözünden; beýleki ähtimal wariantlary: gad.-grek.χυμος — "şire", "özen", "çyg", "tagam", gad.-grek.χυμα — "(metal) splawy", "guýmak", "akym", gad.-grek.χυμευσις — "garylmak") — tebigat ylymlarynyň iň wajyp we giň ugurlarynyň biri. Maddalar, olaryň aýratynlyklary, gurluşlary we himiki reaksiýalaryň netijesinde üýtgeýişleri, şeýle hem şol üýtgeýişleriň tabyn bolup durýan esasy kanunlary baradaky ylym.